Dünýäniň elektrik togy bilen işleýän iň uly tehnikasy boljak, 290 tonna agramly şahta ýük ulagy şu ýyl Afrikada synag ediler.

 

Awtomobil ulgamynyň geljegi hasaplanylýan elektrik togy arkaly işleýän ulgamy ornaşdyrmak işleri diňe ýeňil ulaglarda däl, eýsem, gurluşyk tehnikalarynda hem amala aşyrylmaga başlandy.

«Anglo American», «ENGIE» we  «Williams Advanced Engineering» şereketleri tarapyndan öndürilen, agramy 290 tonna barabar bolan şahta ýük ulagy öz güýjüni elektrik togundan we gidrogendan alýar. Esasy bellemeli zadymyz, bu ýük ulagynyň, agramy we gabarasy meňzeş bolan, dizel ýangyjy bilen işleýän beýleki ulaglar bilen deň güýçde işläp bilmegidir.

«Anglo American» magdançylyk kompaniýasy özünde bar bolan tehnikalaryny elektrik togy bilen işleýän görnüşe doly geçirmegi maksat edinýär. Maglumatlara görä, «ENGIE» firmasy tehnikalaryň gidrogen tehnologiýasyny, «Williams Advanced Engineering» bolsa batareýa ulgamyny üpjün eder.

 

«Newashgabat».