Bodrumyň meri Ahmet Aras gije ýatyp dynç alasy gelýänleriň rahat dynç alyp bilmegi, göwün açasy gelýänleriň bolsa, arkaýyn şatlanmagy üçin dynç alyş zolagyny “ümsüm” hem-de “göwün açylýan” böleklere bölmek boýunça buýruga gol çekdi diýip, “РИА Новости” habar berýär.

Bu çözgüt ýerli barlarda, klublarda we diskotekalarda aýdym-sazyň şowhunyny sazlamak maksady bilen kabul edildi. Geçen möwsümde ýerli häkimiýete syýahatçylardan gijäniň birmahaly  göwün açylýan ýerleriň aýdym-sazynyň gohy bilen bagly 1500-den gowrak arz-şikaýat gelip gowşupdyr.

“Ümsüm” bölege Bodrumyň Gümüşlük we Bitez kurort şäherçeleri girýär. Şu ýylyň dowamynda bu ýerlerde çasly aýdym-saz sesleri sagat 23:59-dan soň kesiler. Bu ýerlerde ýarygijeden soň aýdym-saza diňe ýapyk we ses geçirmeýän binalarda rugsat berler.

“Göwün açylýan” bölekde bolsa aýdym-saz gije sagat 04:00-a çenli dowam edip bilýär. Häzirki wagtda ýerli häkimiýet “ýapyk” bölegi hem döretmegiň ugruna çykdylar. Bu zolakda aýdym-sazyň wagtyny ýene bir sagat – ýagny gije sagat 5-e çenli uzaltmaga rugsat berler.