Biz adamzadyň älem giňişligine syýahat etmäge mümkinçiliginiň bar bolan döwründe ýaşaýarys. Bu mümkinçiligiň yglan edilen pursatyndan başlap, belli-belli guramalarn tarapyndan syýahat etmäge isleg bildirýänler kabul edilip başlandy.

Iňlis maýa goýumçysy Riçard Brensonyň, merkezi ABŞ-da ýerleşýän «Virgin Galactic» kompaniýasy kosmos syýahatçylygy üçin isleg bildirýänleriň 8 müňe ýakynyny hasaba aldy. Hasaba alyş işleri 14 aý mundan ozal, kompaniýanyň ilkinji we şowly geçen synag uçuşyndan soň başlandy. Häzirki wagtda her bir adamlyk ornuň bahasy 250 müň amerikan dollaryna barabar diýlip kesgitlenilýär. Internet ulgamynyň üsti bilen 1 müň amerikan dollaryny girewine goýmak arkaly, orunlary öňünden eýeläp bolýar (bronlamak). Syýahatyň 2 sagat töweregi dowam etjekdigi aýdylýar.

«Virgin Galactic» kompaniýasynyň maksady, syýahatyň dowamynda Halkara Kosmos stansiýasynyň ýerleşýän beýikliginiň iki essesine çykmak. Bu bolsa 80 kilometrlik beýiklikden habar berýär.

 

«Newashgabat».