Hytaýda koronawirusyň täze görnüşi bilen kesellänleriň 46%-e golaýy eýýäm doly bejerildi we hassahanalardan çykaryldy. Muňa HHR-iň Saglygy goraýyş meseleleri boýunça döwlet komitetiniň maglumatlary şaýatlyk edýär, diýip Trend Ria Nowostä salgylanyp habar berýär.

Soňky magluamtlara laýyklykda, Hytaýda koronawirus bilen kesellänleriň sany 78 82  adam ýetdi. Şolardan 36 117 adam bejerildi we hassahanadan çykaryldy. Ol 45,8%-e deň. Häzirki wagtda hassahanada 39 919 näsag bar.

Soňky wagtlarda Hytaýda epidemiologik ýagdaý kanagatlanarly ýagdaýa geçýär. Geçen günlerde ýurtda bu ýokanjyň 327 ýagdaýy hasaba alyndy. Şol bir wagtda Hubeý welaýatyndan daşynda bary-ýogy 9 adam hasaba alyndy. Ilkinji gezek hassahanadan çykarylanlaryň sany 3 müňden geçdi.