Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Döwlet Baştutany resminama gol çekip, baýramçylygyň hormatyna meýilleşdirilen dabaralary degişli derejede guramagyň zerurdygyny belledi. Pul sowgatlary çagalar edaralarynda terbiýelenýän, orta mekdeplerde bilim alýan gyzlara, Döwlet gullugy akademiýasynda, aspiranturada, doktoranturalarda we kliniki ordinaturalarda, ýokary okuw we ýörite hünärment mekdeplerinde okaýan gelin-gyzlara, şeýle hem býujet edaralarynda zähmet çekýän hem-de pensiýa we döwlet kömek pullaryny alýan aýal-gyzlara gowşurylmalydyr diýip, milli Liderimiz resminamanyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak barada degişli tabşyryklary berdi.

Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2020-nji ýylyň 1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.