Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli senagat we önümçilik desgalarynyň 2020 — 2023-nji ýyllarda gurulmagyny üpjün etmek, şolary gurmak boýunça potratçylary saýlap almak üçin halkara bäsleşiklerini geçirmek hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmek tabşyryldy. Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi.
Bellenilişi ýaly, «Türkmensement» döwlet kärhanasynyň Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň kuwwatlygyny her ýylda 1 million tonna ýetirmek maksady bilen, şolaryň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy meýilleşdirildi.
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän kärhanany, Gökdepe etrabynda bir gije-gündizde 100 tonna aýna önümlerini öndürýän goşmaça önümhanany, Daşoguz şäherinde dürli görnüşli keramiki gap-gaçlary öndürýän zawody gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýylda 150 müň tonna kuwwaty bolan armatura öndürýän goşmaça önümçilik desgasynyň gurluşygy meýilleşdirildi.