19-njy fewralda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Bu halkara kompaniýalar toparynyň merkezi edara binasy Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde ýerleşýär.

Işewür döwlet Baştutanymyza dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz toplumynda kompaniýa ynanylan taslamalary ilerletmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, Hazaryň türkmen ýalpaklygyny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada habar berildi. Bu taslama bolan gyzyklanma daşary ýurtly işewürler üçin Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de onuň ägirt uly kuwwaty bilen şertlendirilendir diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy belledi.

Bellenilişi ýaly, energiýa serişdelerini daşary ýurt bazarlaryna ugratmagyň köpugurly ulgamyny döretmek babatda ýurdumyzda başy başlanan we amala aşyrylýan giň gerimli taslamalar sebit üçin diňe ykdysady taýdan möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş dünýäde energiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmakda halkara tagallalary artdyrmak boýunça hem uly orun eýeleýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa kadalaryny üpjün etmek hem-de ähli işleri şertnamada bellenilen möhletde ýerine ýetirmek bilen bagly meseleleriň hemişe berk gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi.

Işewür kompaniýasyna bildirilýän ynam üçin hoşallyk bildirip, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine kömek etjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, «ARETI» geljekde hem öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşer.

Şeýle hem sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesi, şol sanda Diýarymyzda 2021-nji ýylda trek welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny, 2026-njy ýylda bolsa şosse welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.