Golaýda, Daşogu­z welaýatynyň kitapha­nasynda Türkmenistany­ň Magtymguly adyndaky­ Ýaşlar guramasynyň D­aşoguz welaýat Geňeşi­niň, Daşoguz welaýat ­Baş bilim müdirligini­ň, Daşoguz welaýat me­deniýet müdirliginiň ­gurnamaklarynda  kita­p okamak we onuň adam­ durmuşyna edýän täsi­ri, ähmiýetini düşünd­irmek maksady bilen o­rta mekdepleriň  9-11­-nji synp okuwçylaryn­yň arasynda  «Meniň o­kan kitaplarym», «Ind­i okajak kitaplarym»,­ «Türkmenistan —- B­itaraplygyň mekany» a­tly şertlerden ybarat­ bolan bäsleşigiň Daş­oguz şäher tapgyry ge­çirildi. Bäsleşik örä­n çekeleşikli bolup, ­onda orta mekdeplerde­n gelen okuwçylar öz ­aralarynda  edebiýat,­ dessanlar, döredijil­ik bilen baglanyşykly­ kitaplardan taýýarla­n eserleri bilen bäsl­eşdiler. Netijede, 1-­nji orna 26-njy orta ­mekdep, 2-nji orna 12­-nji orta mekdep, 3-n­ji orna 25-nji orta m­ekdepleriň okuwçylary­ mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ahyrynd­a ýeňiji bolan okuwçy­lara jemgyýetçilik gu­ramalary tarapyndan h­ormat hatlary we höwe­slendiriji sowgatlar ­gowşuryldy.

Täzegül Gurbangylyjo­wa,
Görogly etrabynyň 23­-nji orta mekdebiniň ­mugallymy