Yzgant obasynda 2019-njy ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Gökdepe etrabyna mynasyp bolan baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.

 

Iň gowy etrap diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň netijeleri Ministrler Kabinetiniň Türkmenistany 2019-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanyp, 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi.

Her ýylda geçirilýän bu bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýeňiji sebitleriň ösüş maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegi, däne, pagta we beýleki ekinleri ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirişi, medeni-durmuş maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek, şeýle hem ilatyň iş bilen üpjünçilik, dynç alyş, olary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmek ýaly görkezijiler boýunça kesgitlenýär.