13-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Ol wekiliýete ýolbaşçylyk edip, paýtagtymyza geldi.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Sankt-Peterburgyň gubernatory hyzmatdaşlygyň anyk meseleleri boýunça pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda toplanan oňyn tejribe, onuň uly kuwwaty ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.
Türkmenistanda iş alyp barmakda özlerini gowy tarapdan görkezen Sankt-Peterburgyň işewür toparlarynyň, şol sanda «Wozroždeniýe» kompaniýalar toparynyň wekilleriniň netijeli işlemegi munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şol kompaniýalar bilen bilelikde, ýurdumyzda ýol-ulag gurluşyk ulgamynda giň möçberli taslamalar amala aşyryldy.
Söwda-ykdysady, energetika, gämigurluşyk, gazsenagat toplumy, IT-tehnologiýalary, hususan-da, täze «akylly şäherleriň» gurluşygynda ulanylýan tehnologiýalar hem-de kommunikasiýa ulgamynda tagallalary birleşdirmek, şol sanda degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak we halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şu babatda Türkmenistan netijeli başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi.
Bellenilişi ýaly, Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny goldamak, taryhy hakydany aýawly saklamak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, myhman Newanyň boýundaky şäheri goranlaryň hatarynda türkmenistanlylaryň hem bolandygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman giň ugurlar boýunça işjeň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassyklap, şeýle gatnaşyklaryň uzak möhletli özara bähbitlere, döwletara gatnaşyklaryň strategik ugruna laýyk gelýändigini bellediler.