9-njy fewralda Golliwudyň mekany Los-Anjeles şäherinde Oskar baýragynyň 92-nji gezek gowşurylyş dabarasy bolup geçdi. Golliwudyň dünýä meşhur «Dolbi» teatrynda ähli 24 ugur boýunça ýeňijiler anyklanyldy. Soňky döwürlerde kino sungatynyň ösüşinde öňdeligi eýeläp gelýän Günorta Koreýanyň “Parazitler” filmi bu amerikan kino baýragynyň taryhynda daşary ýurtlularyň eýe bolan ilkinji Oskary hökmünde ýatda galdy. Iň gowy erkek roly ugry boýunça Oskara eýe bolan Hoakin Feniks “Joker” filminde ýerine ýetiren gaýtalanmajak roly we aktýorlyk başarnygy bilen tapawutlanandygy ýatlanylýar. Biziň hemmämize mälim bolan “Judi” filminde özüniň aýratyn ýerine ýetirijilik ukybyny, tomaşaçynyň ünsüni özüne çekmegi başarýan, filmde baş roly oýnan Rene Zelweger iň gowy aýal aktrisa hökmünde bu baýragy almagy başardy.
Baýrak diňe bir baş roly ýerine ýetiren aktýor, aktrisalara berilmän eýsem, ikinji plandaky rol oýnan iň gowy erkek we aýal rollary diýen ugurlar boýunça hem berilýär. Ady agzalan ugurlar boýunça Oskar baýragyny degişlilikde “Bir gezek Golliwudda” filminde ýerine ýetiren roly üçin Bred Pit we “Lukmanyň taryhy” filminde ýerine ýetiren ýatdan çykmajak roly üçin Lora Dern eýe bolmagy başardylar. Iň gowy ssenariýa ugrunyň ýeňijiligi hem “Parazitler” filmine berildi. Iň gowy uýgunlaşdyrylan ssenariýa ugruny almak bolsa “Towşan Jojo” filminiň ýazarlaryna nesip etdi.
Dabaranyň aýdym-sazly arakesmesinde Eminem we Billi Eiliş özleriniň meşhur aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Amerikaly aýdymçylar ady rowaýata öwrülen “The Beatles” toparynyň “Düýn” aýdymyny täsirli we täzeçe özboluşlylyk bilen aýtmagy we dabara gatnaşyjylaryň ýadynda galmagy başardylar.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby