Häzirki wagtda reklama we mahabat durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegine öwrülýär. Harytlary mahabat edijiler bolsa hemişe psihologlaryň kömeginden peýdalanýarlar. Çünki diňe psihologlar adamlaryň aň işini juda çuňňur bilýärler. Psihologlar her hili häsiýete eýe adamlary garaşylmadyk usullaryň kömegi bilen önümleri satyn almaga höweslendirmegi başarýarlar.
Mahabatda iki sany psihologik usul bar. Olar adamlary ynandyrmak we gulagyna guýmak usullarydyr. Ynandyrmak usuly arkaly mahabatçylar adama önümiň peýdaly taraplaryny juda ussatlyk bilen ýetirýärler welin, islese-islemese müşderi haryt hakynda aýdylýan öwülmelere ynanmaga mejbur bolýarlar. Beýleki bir usul bilen mahabatda berilýän habar adamlaryň kalbyna öçmez harplar bilen ýazylýar. Netijede bolsa, mahabaty gören we eşiden satyn alyjy gezen-ýören, oturan-turan ýerinde hem şol haryt hakynda oýlanyp gezýär.
Indiki usullar hem iki sany bolup, biri ýatda saklamak we üns bermek usullaryna bölünýär. Ilki hyrydaryň ünsi bir zada çekilýär. Soňra şol mahabat gaýta-gaýta berilýär we haryt hakynda maglumatlar müşderileriň ýadyna möhürlenýär.
Psihologlar mahabatçylara adamyň psihologiýasynyň üsti bilen hem mahabatyň hilini ýokarylandyryp boljakdygyny aýdýarlar. Meselem: erkekler geýimi, aýakgaplary ýa-da atyrlarynyň mahabatyny mysal alalyň. Mahabatda bu önümler gözel gyzlaryň ygtyýaryna berýärler. Owadan gyzlar özüniň gözelligi we ýakymly owazy, ogryn bakyşlarynyň kömegi bilen mahabat berijiler üçin millionlarça erkekleri müşderä öwürmegi başarýarlar.
Psihologiýada degişme, ýomaklaryň üsti bilen mahabat bermeklik hem peýdaly hasaplanýar. Bularyň kömegi bilen mahabatçylar harydyň gadyryny, özboluşlylygyny, nyrhyny arkaýyn ýokarylandyryp bilýärler. Onda-da, tanymal degişmeçiler harytlary mahabat etseler, ruhy göterilen müşderiler derrew şol harytlary satyn alamaga howlugýarlar.

Toýly Muhammetdurdyýew,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby