12-nji fewralda Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogin bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda kompaniýanyň ýolbaşçysy «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.
Pikir alyşmalaryň çäklerinde, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda maýa goýum taslamalaryny bilelikde amala aşyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, işewür Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara alyp, birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.
Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde şu görnüşdäki ýük awtoulaglarynyň müňlerçesi ýurdumyza iberildi. Kompaniýanyň inžener-işläp taýýarlaýjylary ulaglaryň görnüşlerini yzygiderli kämilleşdirýärler hem-de tehniki häsiýetlerini gowulandyrýarlar.
Döwlet Baştutany Russiýa Federasiýasynyň iri awtoulag korporasiýasy bilen özara gatnaşyklar boýunça köpýyllyk oňyn tejribä ýokary baha berip, dünýä belli ýokary hilli tehnikalaryň mundan beýläk-de Türkmenistana getirilmegine gyzyklanma bildirilýändigini mälim etdi.
Işewür Türkmenistanyň «KAMAZ» üçin ähmiýetli bazarlaryň biridigini nygtap, kompaniýanyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, şol sanda hyzmat merkezlerini gurmaga, häzirki zaman tehnikalaryna hyzmat edýän işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga mundan beýläk-de örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigini aýtdy hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we kompaniýanyň täze işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmak baradaky tekliplerini beýan etdi.