Türkmenistanyň harby wekillikleri ýurdumyzyň raýatlaryny ilkinji harby
hasaba almak işlerini geçirip başladylar. Bu işiň çäklerinde ýaş ýigitler
lukmançylyk barlaglaryndan geçip, çagyryş bölümlerine bellenilýärler. Şeýlelik-
de, geljekki harby gulluga çagyryljak adamlaryň sany, olaryň nyzamly gulluga
ýaramlylygynyň, beden taýýarlygynyň derejesi kesgitlenilýär, diýip «Milli goşun»
žurnaly habar berýär.
«Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna
laýyklykda, erkek raýatlary harby hasaba goýmak işi raýatyň 16 ýaşyny
doldurmagy bilen başlanýar. Hasaba almak işi ýanwar-mart aýlarynyň aralygynda
amala aşyrylýar.
Bu işiň çäklerinde ýaş ýigitler bilen ýekebara gürrüňdeşlikler geçirilýär,
olaryň gerekli resminamalary taýýarlanylýar. Eger lukmançylyk barlagynyň
çäklerinde bejerişe ýa-da lukmançylyk gözegçiligine mätäçligi bolan çagyryş
ýaşyna ýetmedik ýigitler ýüze çykan ýagdaýynda, olara bejeriş-öňüni alyş
edaralaryna ýörite ýollanma berilýär.
Çagyryş ýaşyna ýetmedik ýigitlere harby-watançylyk mowzugynda düşürilen
gysga göwrümli wideoýazgylar görkezilýär we harby gullugyň artykmaçlyklary
barada giňişleýin gürrüňler berilýär.