Degişli Karara Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu resminama Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny dowam etdirmek, Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, bilimlere we innowasiýalara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän, ykdysadyýetiň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatynda diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar ykdysadyýetiniň özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, sebitleýin maýa goýum işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine şu maksatnamanyň bellenilen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.