Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda,
wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurt pulunda serişdeleriň gelip gowuşmagyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy Annadurdyýew Merdan Öwezowiçe käýinç yglan edildi;
wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi;
wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Kakaýew Ýagşygeldi Elýasowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy;
wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, bilim we sport desgalarynyň gurluşygynyň alnyp barlyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Agamyradow Pürli Nurmämmedowiçe käýinç yglan edildi;
wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, sport desgalarynyň gurluşygynyň alnyp barlyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, sport we ýaşlar syýasaty ministri Gulgeldiýew Daýanç Ýaranowiçe käýinç yglan edildi;
wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky bilim edaralarynyň gurluşygynyň alnyp barlyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, bilim ministri Geldinyýazow Mämmetmyrada käýinç yglan edildi;
wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Abdyýewa Bahargül Gurbanmyradowna berk käýinç yglan edildi;
wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Garlyýew Nurmämmet Allaberdiýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy;
wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Rejepow Kakamyrat Abdurahmanowiçe berk käýinç yglan edildi.