8-nji ýanwarda Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň özboluşly belent gerişlerinden çekilen Saglyk ýoluny geçdi. Munuň özi milli jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde döwlet Baştutanymyzyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak babatdaky nusgalyk göreldesiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýolunyň tutuş dowamynda ýanaşyk çäkleriň abadanlaşdyrylyşyny, şol sanda belent dag gerişlerinden demirgazyga uzaýan giňişlikleri, bu künjekde döredilen tokaý zolaklaryny synlady.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ynsan kalby üçin tenekar bolan tämiz dag howasy, tebigatyň ajaýyp görnüşleri adamlaryň saglygy üçin wajypdyr, çünki munuň özi ynsanyň ruhuny göterýär.