Welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edildi.
Yglan edilen bu bäsleşik Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen yglan edildi.
Şeýle hem resminama bilen 2020-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemek boýunça Topar döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.
Topar welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda yglan edilen bäsleşikde her welaýatda iň ýokary netijeleri gazanan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri, olaryň arasyndan bolsa Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemäge borçly edildi.
Yglan edilen bäsleşikde Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrabyň ýa-da etrap hukukly şäheriň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak bellenildi.