Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň degişli kärhanalary Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde we Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýolagçy awtomenzilleriniň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Muhammet — Balkan» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşar.
Muňa ygtyýar berýän degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.
Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň fewral aýynda başlamak we ýolagçy awtomenzillerini 2022-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. Häzirki wagta çenli awtomenzilleriň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary taýýarlanyp, olaryň gurluşygyna gatnaşjak ýerli kompaniýalar kesgitlenildi. Döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça guruljak awtomenzillerde ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli amatly şertler ýola goýlar. Olarda hyzmatlar ulgamyna degişli düzümler, internet we aragatnaşyk ulgamlary ýolagçylaryň ygtyýarynda bolar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.