5-nji fewralda Tbiliside Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy «CBA Kaizen» kompaniýasy bilen bilelikde 2020-nji «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna
utgaşdyrylyp, Türkmenistanyň oňaýly maýa goýum şertlerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Maslahata Gruziýadaky diplomatik missiýalaryň, ministrlikleriň we pudak
edaralaryň wekilleri, ekspertler, maýa goýumdarlar, bank ulgamynyň, ulag, logistika we ekspeditorlyk kompaniýalaryň, fransuz-gruzin we britan-gruzin Söwda-senagat edaralarynyň, «Mitsubishi Electric» kompaniýasynyň, şeýle hem Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynyň ösdürilmegi, hususan-da Lapis Lazuli, Hazar deňzi – Gara deňiz ugurlary boýunça, şeýle hem ýurdumyzda we sebitde bu ugurda netijeli amala aşyrylýan beýleki ähmiýetli taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Ilçi konferensiýa gatnaşyjylary Türkmenistanda öndürilýän eksporta ukyply önümler bilen tanyşdyrdy. Çäräniň ahyrynda türkmen tarapy gruzin tarapyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli şu ýyl Türkmenistanda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.