Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» kärhanasynda öndürilen lukmançylyk dikuçarlaryny satyn almak boýunça degişli işleri alyp barýar. Bu dikuçarlar paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ulanmak, ilata tiz lukmançylyk hyzmatyny ýola goýmaga niýetlenendir.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze lukmançylyk dikuçarlaryny satyn almak barada aýdyp, Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň okgunly we netijeli ösdürilýändigine kanagatlanma bildirdi.
Döwlet Baştutany soňky ýyllarda «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» kärhanasynyň önümleri bolan dikuçarlaryň kömegi arkaly ýurdumyzda ägirt uly işleriň ýerine ýetirilendigini belledi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçarlaryny satyn almak baradaky teklibi makullap, dikuçarlara ýokary hilli tehniki hyzmaty ýola goýmak we netijeli peýdalanmak boýunça guramaçylykly hem-de sazlaşykly işleri üpjün etmek üçin wise-premýere zerur çäreleri görmek barada degişli tabşyryklary berdi.