3-nji fewralda Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, şeýle hem Merkezi bankyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň dowamynda degişli ýolbaşçylar paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde işleriň ýagdaýy, özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylyşy bilen bagly meseleler, oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm ugurlary barada hasabat berdiler.
Şeýle hem döwlet Baştutany Kaka etrabynyň häkimi wezipesine A.Gurbanowy belläp, ony şol etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hem-de D.Garaýewi Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakynda degişli resminamalara gol çekdi.
Maslahatyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy üçin 1,5 milliarda golaý amerikan dollaryny bölüp bermek barada Karara gol çekdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň dowamynda A.Hoçžyýew Halaç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine belledi.
Şeýle hem 1-nji fewralda täze döwletara energiýa köprüsiniň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyna degişli taslamany durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyrynyň gurluşygyna girişmek mynasybetli geçirilen dabara barada hasabat berildi.