31-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler we birnäçe resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylar gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat bilen çykyş etdiler.
Şeýle hem mejlisiň dowamynda birnäçe resminamalara gol çekildi. Hususan-da, «Telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahalaryny maliýeleşdirmek hakynda» Karara; Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygy üçin enjamlary we serişdeleri satyn almak hem-de gurnamak işlerini amala aşyrmak hakynda” Karara; Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we beketleriniň gurluşygy üçin enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak hem-de telemehanika ulgamyny gurnamak barada şertnamalary baglaşmak hakynda Karara; «Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin strategiýasyny tassyklamak hakynda» Karara; «Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezini döretmek hakyndaky» Karara; “Ýurdumyzda 2020-nji ýylda bag ekmek hakyndaky” Karara gol çekildi.
Şeýle hem mejlisiň barşynda «Hyundai» görnüşli şäheriçi awtobuslary we lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçarlaryny satyn almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany 2020-nji ýylyň 3 — 5-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde «Hazar deňziniň biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreşmek barada hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň wekilleri bilen duşuşyk geçirmek baradaky Buýruga gol çekdi.
Şeýle hem milli Liderimiz 2020-nji ýylyň 6-7-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde «Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky ylalaşygyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň wekilleriniň duşuşygyny geçirmek baradaky Buýruga gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.