11-nji dekabrda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk» atly ylmy maslahat geçirildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň daşary syýasy ugry hem-de onuň esasy ýörelgeleri — parahatçylyk söýüjilik, harby dawalara, bileleşiklere we şertnamalara gatnaşmazlyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, olaryň özygyýarlylygyny hem-de çäk bitewüligini hormatlamak — özüniň milli bähbitlerine, Milletler Bileleşiginiň uzakmöhletleýin maksatlaryna, BMG-niň Tertipnamasyna, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge sazlaşykly çemeleşmä kybap gelýändigini tassyklaýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda işleýän diplomatik hem-de halkara düzümleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary uly gyzyklanma döretdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowanyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozdyň, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Diýego Uigaronyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarowyň çykyşlarynda dünýäde özygtyýarly Watanymyzyň eýeleýän ornuna ýokary baha berildi.

Daşary ýurtly diplomatlaryň belleýşi ýaly, dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de giňeltmegi ugur edinýän halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan öz Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda syýasy, ykdysady we medeni mümkinçiliklerini ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine doly ulanýar.

Forumyň çäklerinde geçirilen baý mazmunly pikir alyşmalar Türkmenistanyň köpugurly daşary syýasatyna umumy hem-de hemmetaraplaýyn baha berilmegine, onuň ählumumy goşulyşmak işlerine täsir etmegine ýardam etdi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler.