Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň mejlisinde Milli Geňeşiň wekilçilikli
palatasy hökmünde Halk Maslahatynyň düzümine seredilip geçildi. Onuň umumy
sany 56 adamdan ybarat bolar.
Esasy Kanunymyzda jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbitlerini üpjün
etmek maksady bilen, her welaýatdan we Aşgabat şäherinden deň derejede, ýagny
8 adam Halk Maslahatynyň düzümine gizlin ses bermek arkaly welaýat we
Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň degişli mejlislerinde saýlanýandygyny
görkezmeli.
Şunuň bilen birlikde, baý durmuş tejribesi bolan hem-de döwlet we
jemgyýetçilik işleriniň dürli ugurlarynda aýratyn hyzmatlary bitiren, uly abraýly
raýatlaryň arasyndan bu düzüme 8 agza Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan
belleniler.
Halk Maslahatynyň düzümini emele getirmegiň şeýle tertibi welaýat hem-de
Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň ygtyýarlyklaryny giňeltmekde we abraýyny
ýokarlandyrmakda, Halk Maslahatynyň düzümini emele getirmäge hukugy bolan
täsirli, ýerli wekilçilikli edaralar hökmünde türkmen jemgyýetinde olaryň ornuny
berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolar diýip, döwlet Baştutany belledi.
Halk Maslahatynyň agzalygyna 30 ýaşy dolan, ýokary bilimli, soňky on ýylyň
dowamynda ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty 5 ýyl möhlete
saýlanyp we bellenip bilner diýlip Konstitusiýanyň taslamasynda görkeziler.
Mejlis barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzda onuň kanun çykaryjylyk işini
anyk guramakda toplanan oňyn tejribe esasynda deputatlaryň sany we ygtyýarlyk
möhletleri baradaky konstitusion kadalar ozalkysy ýaly galdyrylsa, dogry bolar
diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Häzirki döwürde wekilçilikli edaralaryň
Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly ygtyýarlyk möhleti 5 ýyldan ybaratdyr.
Esasy Kanuna şol bir adamyň şol bir wagtda Milli parlamentiň iki palatasyna
hem saýlanmagyna we işlemegine ýol berilmeýändigi baradaky kadany girizmek
teklip edilýär.