Konstitusion toparyň ýakynda geçirilen mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky» Konstitusion Kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu taslama ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň gurluşyny üýtgetmek, ygtyýarlyklaryny giňeltmek we alyp barýan işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça çäreleriň çäklerinde işlenip taýýarlandy. Munuň özi bolsa Konstitusiýamyzyň has-da netijeli bolmagyna getirer, jemgyýetimizi we döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegi kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň maksatlaryna üstünlikli ýetmäge mümkinçilik berer diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda belledi. Gelip gowuşýan köp sanly tekliplere laýyklykda, wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýet bolup durýan iki palataly edaranyň bitewi ulgamyna Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Mejlisini girizmek hakyndaky başlangyç gyzgyn goldaw tapdy. Şoňa görä-de, garamaga hödürlenen resminamada Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan 6 1 belgili maddany aýyrmak teklip edilýär. Konstitusion topara gelip gowuşýan teklipler bilen baglylykda we iki palataly parlamenti bolan ýurtlaryň tejribesini nazara alyp, Milli Parlamenti Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip, onuň kanun çykaryjy palatasyny — Mejlis, wekilçilikli palatasyny bolsa Halk Maslahaty diýip atlandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtaldy.