Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda
Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Konstitusion özgertmeleriň täze tapgyry barada 2019-njy ýylyň 25-nji
sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde yglan edilipdi. Şonda
ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça başlangyç öňe sürüldi.
Bu başlangyjyň baş maksady jemgyýetimizde we dünýä tejribesinde gazanylan
üstünlikleri nazara alyp, Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmekden hem-de
şundan ugur alyp, kanun çykaryjy edaranyň iki palataly gurluşyny
döretmekden ybaratdyr.
Şonda hem Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary
girizmek bilen baglanyşykly teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak
boýunça Konstitusion topar döredildi.
Geçen döwrüň içinde toparyň iki mejlisi — birinjisi geçen ýylyň 4-nji
oktýabrynda, ikinjisi hem 4-nji dekabrynda geçirildi. Toparyň birinji
mejlisinde iş meýilnamasy tassyklanyldy hem-de onuň agzalarynyň öňünde
durýan wezipeler, şeýle hem bu düzümiň guramaçylyk meseleleri kesgitlenildi.
Onuň mejlislerinde toparyň iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan
wezipeleriň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlar hem diňlenildi.
Netijede, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary
girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy
taýýarlanyldy.