Milli çempionatyny 8-nji orunda tamamlan gazak toparynyň iň gymmat oýunçysy bolan wengriýaly ýarymgoragçy Patrik Hidiniň topardan gitmegi bilen, goragçy Dmitriý Şmidt toparyň iň gymmat oýunçysy boldy. Bu barada «Sports.kz» saýty habar berýär. «Transfermarkt.de» goragça 700 müň ýewro nyrh kesýär. Topardaky gymmaty boýunça «kümüş medal» milli ýygyndymyzyň oýunçysy Ruslan Mingazowa degişlidir. Bir orun galkynan oýunçynyň degişli saýtdaky bahasy 650 müň ýewrodyr. Onuň yz ýanyndan Uroş Witas, Jeremi Manzorro (ikisi hem 600 müň ýewro) we Miloş Stamenkowiç (500 müň ýewro) barýar.

Şeýle-de, derwezeban Sergeý Çernigyň, goragçy Marko Tomiçiň, ýarymgoragçylar Boýan Sankowiçiň we Pablo Hoakiniň, hüjümçi Lewan Kutaliýanyň ildeşimiziň täze topardaşlary bolandygy nygtarlykdyr.

                                                                             Gurban BABAGULYÝEW.