18-nji ýanwarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Halkara Hyzmatdaşlyk boýunça Koreý Agentliginiň (KOICA) grant ýardamy taslamasynyň çäginde üç sany dil laboratoriýasy açyldy.
Institutyň koreý dili fakultetiniň dil laboratoriýalarynda multimedia sapaklary üçin enjamlar oturdyldy we programma üpjünçiligi ornaşdyryldy. Onuň umumy býujeti 120 müň amerikan dollaryna barabar boldy.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili fakulteti 2008-nji ýylda esaslandyryldy. Ol 2014-nji ýylda ilkinji türkmen-koreý sözlügini neşir etdirdi, 2009-njy ýyldan bäri bolsa, her ýylda koreý dili boýunça bäsleşik, şeýle hem TOPIC synagyny geçirýär.
2019-njy ýylyň aprel aýynda Koreýa Respublikasynyň birinji hanymy Azady adyndaky instituta gelip gördi we koreý dilinde okaýanlara görkezme sapagyny geçdi. 2019-njy ýylyň sentýabrynda Azady adyndaky institut bilen hyzmatdaşlykda Aşgabatda Patyşa Sejonyň instituty açyldy. Şol aýdan başlap hem, türkmen orta mekdebinde koreý dili boýunça sapaklar geçilip başlandy.