15-17-nji ýanwar aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Lozanna şäherinde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň sapary boldy. Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti Dewid Hagert bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy artdyrmagyň mümkinçiliklerini, husasan-da, Türkmenistanyň tennis federasiýasy bilen Halkara tennis federasiýasynyň arasynda Özara düşinişmek hakyndak Ähtnamanyň hem-de ýurdumyzda Tennis Akademiýasynyň döredilmeginiň, şeýle hem Halkara tennis federasiýasyny Prezidenti D.Hagertiň Türkmenistanda tennis ugrunda alnyp barylýan işler bilen hem-de ýurdumyzyň dünýä ülňelerine laýyk gelýän sport infrastrukturalary bilen tanyşmak maksady bilen ýakyn wagtlarda iş saparyny gurnamagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda, Türkmenistanyň tennis federasiýasy bilen Halkara tennis federasiýasy Dewis Kubogy ugrunda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň 4-nji toparynyň tapgyrlaýyn ýaryşynyň Türkmenistanda geçirilmegi we onuň guramaçylyk meseleleri barada Ylalaşyga gol çekdiler.
Şeýle hem iş saparyň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýeti Milli Olimpiýa Komitetleriň Assosasiýasynyň Prezidenti Robin Mitçel bilen hem-de Halkara Olimpiýa Komitetiniň wekilleri bilen duşuşyklary boldy. Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistan bilen ýokarda agzalan halkara guramalarynyň arasynda geljekde alnyp baryljak hyzmatdaşlygyň ugurlary barada maslahatlaşyldy.