9-njy ýanwarda “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde 2020-nji ýylyň
“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli
ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň bilelikde
guramagynda dörediji ýaşlaryň alkyşnamaly, aýdym-sazly dabarasy geçirildi. Oňa
medeniýet ulgamynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr
talyp ýaşlary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri
gatnaşdylar.
Dabarada çykyşlara giň orun berildi. Köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleri, medeniýet ulgamynyň işgärleri, ýokary okuw
mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary öz çykyşlarynda türkmen
Bitaraplygynyň taryhy kökleri, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek
ykrar edilen bu halkara hukuk statusymyzyň dünýäde asudalygy, ählumumy
howpsuzlygy, ösüş arkaly parahatçylygy berkitmekdäki ähmiýeti, bu ugurda
Türkmenistanyň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän işler, hormatly Prezidentimiziň
dünýä halklary tarapyndan gyzgyn goldawa hem giň seslenmä eýe bolan möhüm
halkara başlangyçlarydyr teklipleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler.
Oňyn Bitaraplyk Türkmenistanyň daşary-syýasy strategiýasynyň esasyny
düzýär. Ýurdumyz daşary syýasatda bitaraplyk, özge ýurtlaryň içerki işlerine
gatyşmazlyk, hoşmeýillilik, ählumumy ösüşiň, parahatçylygyň hem howpsuzlygyň
hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmek, ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýerýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty
parahatçylyksöýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy, deňhukuklylygy, özara hormat
goýmagy binýat edinip, häzirki döwürde sebit we dünýä derejesinde
parahatçylygy, durnuklylygy hem howpsuzlygy pugtalandyrmagyň, ýurdumyzyň
halkara işlerine netijeli hem-de döredijilikli gatnaşmagynyň wajyp şerti bolup
durýar. Bu bolsa “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji
ýyllar üçin Konsepsiýasynda” anyk beýanyny tapýar.
Merkezi Aziýa sebitinde Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna
parahatçylygyň, asudalygyň, durnuklylygyň, ykdysady özgertmeleriň we ösüşiň
kepili hökmünde garalýar. Türkmenistan indi dünýäniň iň uly hem abraýly halkara
guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan
diňe bir parahatçylyksöýüji däl, eýsem parahatçylygy dörediji, berkidiji ýurt,
sebitde döwletara gatnaşyklarynyň utgaşdyryjy merkezi hökmünde ykrar edilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalarynyň, irginsiz aladalarynyň
netijesinde, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy
boýunça sebit merkezi döredildi. Munuň özi Türkmenistana dünýä jemgyýetçiligi
tarapyndan bildirilen syýasy ynamy tassyklaýar. 2007-nji ýylda döredilen bu
merkez sebitde döräp biläýjek dawaly ýagdaýlaryň öňüni almakda hem-de
parahatçylygy we ösüşi, ählumumy howpsuzlygy berkitmekde uly işleri alyp
barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylda

“Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” hakynda Rezolýusiýasyny (1995 ý.)
gaýtadan kabul etmegi, ony gurama agza bolup durýan 193 ýurduň biragyzdan
ykrar etmegi, 2017-nji ýylda hem Guramanyň her ýylyň 12-nji dekabryny Halkara
Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi ozal bildirilen uly ynamyň hakykat ýüzünde
ygtybarly durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Şu ýylyň –
“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň 12-nji dekabrynda bolsa
Türkmenistan BMG tarapyndan ilkinji gezek hem ýeke-täk ykrar edilen hemişelik
Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllyk şanly senesini halkara derejesinde baýram eder.
Dörediji ýaşlaryň dabaraly çäresinde şular dogrusynda hem aýratyn nygtalyp
bellenildi.
Dabaranyň dowamynda halkara derejesinde adamzadyň abadan ýaşaýşyny,
asudalygy, ählumumy howpsuzlygy nazarlaýan belent ynsanperwer başlangyçlary
öňe sürýän, dünýäniň gujagyna parahatçylygyň mizemez ýollaryny çekýän
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adyna alkyşlar aýdyldy.

Aýmyrat PIRJIKOW,
Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby.