Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag
kärhanasy Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynyň wagtlaýyn
ýapylýandygy sebäpli 1-nji, 9-njy, 13-nji, 16-njy, 20-nji, 23-nji, 29-njy, 34-nji,
37-nji, 38-nji, 55-nji we 57-nji awtobus ugurlaryna üýtgeşmeleriň
girizilýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär:
• 1-nji, 9-njy, 57-nji awtobus ugurlary A.Nyýazow şaýolunyň Garaşsyzlyk
şaýoly we Andalyp köçesi aralygyndaky bölegini «Garaşsyzlyk şaýoly –
Oguzhan köçesi – Andalyp köçesi» ugry boýunça amala aşyrar;
• 13-nji we 23-nji awtobus ugurlary Görogly köçesi – A.Nowaýy köçesi –
A.Nyýazow şaýoly – Andalyp köçesi aralygyndaky bölegini «Görogly köçesi –
Andalyp köçesi» ugry boýunça amala aşyrar;
• 16-njy, 29-njy, 38-nji awtobus ugurlary Türkmenbaşy şaýolunyň Galkynyş
we Oguzhan köçeleriniň aralygyndaky bölegini «Galkynyş köçesi – Andalyp
köçesi – Oguzhan köçesi» ugry boýunça amala aşyrar;
• 20-nji awtobus ugry Türkmenbaşy şaýolunyň Galkynyş we Oguzhan
köçeleriniň aralygyndaky bölegini «Galkynyş köçesi – Andalyp köçesi» ugry
boýunça amala aşyrar;
• 34-nji awtobus ugry Garaşsyzlyk şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – Türkmenbaşy
şaýoly bölegini «Garaşsyzlyk şaýoly – Oguzhan köçesi – Andalyp köçesi –
Galkynyş köçesi – Türkmenbaşy şaýoly» ugry boýunça amala aşyrar;
• 37-nji awtobus ugry Türkmenbaşy şaýoly – A.Nyýazow şaýoly -Garaşsyzlyk
şaýoly bölegini «Türkmenbaşy şaýoly – Galkynyş köçesi – Andalyp köçesi –
Oguzhan köçesi – Garaşsyzlyk şaýoly» ugry boýunça amala aşyrar;
• 55-nji awtobus ugry Türkmenbaşy şaýoly we A.Nyýazow şaýoly bölegini
«Türkmenbaşy şaýoly – Galkynyş köçesi – Andalyp köçesi – Oguzhan köçesi –
Garaşsyzlyk şaýoly – A.Nyýazow şaýoly» ugry boýunça amala aşyrar.