Ýeriň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy Kane Tanaka 117 ýaşyny belledi. Doglan gün mynasybetli ýaponiýaly zenanyň bolýan garrylar öýünde baýramçylyk gurnaldy.

 

Kane Tanaka 2019-njy ýylyň 9-njy martynda Ýeriň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi. Şol wagt ol 116 ýaş we 66 gün ýaşapdy.

 

Ýaponiýaly zenan 1903-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Fukuoka prefekturasynda dünýä inipdi. Dokuz çagaly maşgalada ol ýedinjisidi. 19 ýaşynda ol ýapon süýjüliklerini satmaga ýöriteleşen uly bolmadyk dükanyň eýesi bolan Hideo Tanaka durmuşa çykdy. Bu jübütiň bäş çagasy bolupdyr. Şolaryň biri çagalyga alypdyr. Kane Tanaka wagtyny matematika bilen meşgullanyp geçirmegi halaýar.