2020-nji ýylyň öňisyrasynda Gullugyň ýanyndaky hojalyk dolandyryş direksiýasynyň terminal.gov.tm internet sahypasyna birnäçe täze bölümler girizlip durky täzelendi, hususan-da, harytlar we ulag serişdeleri barada deslapky maglumat bermek üçin bölüm bilen üsti ýetirildi.

Dünýä tejribesinden mälim bolşy ýaly, birnäçe döwletlerde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen gümrük serhedinde resmileşdirmegiň wagtyny tizleşdirmäge ýardam edýän deslapdan elektron maglumat alyşmak tejribesinde ýola goýulýar. Deslapdan maglumat alyşmak gümrük amallaryny elektron esasda alyp barmaga, gümrük edaralary bilen daşary ykdysady işe gatnaşyjylaryň arasynda maglumat alşygyny üpjün etmäge, berilýän kagyz resminamalarynyň we resmileşdirmegiň wagtynyň azalmagyna mümkinçilik berýär. Deslapdan elektron maglumat alyşmak Türkmenistanyň gümrük serhedine gelýän harytlar we ulag serişdeleri barada zerur bolan maglumatlary almaga we ony öňünden gümrük edaralaryna geçirmäge mümkinçilik döreýär. Bu elektron maglumatlar internet ulgamy arkaly islendik enjamlaryň üsti bilen ugradylyp we alnyp bilinýär. Deslapky elektron maglumatlarda deklarantlar, berilýän resminamalar, alyjy we daşaýjylar, ulag serişdeleri, ulag kompaniýasy, sürüji, harytlar, olaryň bahalary gümrük edaralary tarapyndan talap edilýän beýleki maglumatlar görkezilýär. Ol maglumatlar ýeke-täk gümrük maglumat ulgamyna berlip, gümrük resmileşdirmesi üçin zerur elektron resminamany emele getirýär. Harytlar we ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük serhediniň çägine gelende deslapdan berlen elektron maglumatlar esasynda doldurylan degişli resminama tassyklanandan soňra gümrük taýdan resmileşdrime amallary gysga wagtda amala aşyrylýar. Bu bolsa gümrük serhedinden geçirilýän ulag serişdeleriniň we ýük akymlarynyň möçberleriniň artmagyny, ulag üstaşyr geçelgeleriniň we söwda gatnaşyklarynyň ösmegini şertlendirýär.