Madridiň «Realynyň» ýolbaşçylary «Flamengo» brazil klubynyň ýarymgoragçysy Reýnýer bilen toparyny güýçlendirmek isleýär. Bu barada Gazeta.ru «Marca» ispan neşirine salgylanyp habar berýär.

Çeşmeleriň tassyklamagyna görä, taraplar eýýäm ähli zat barada ylalaşdylar. Hawbekiň transferi madridliler üçin €30 mln-a düşer. Emma ol kämillik ýaşyna ýetmedik bilen gol çekişmek zerarly FIFA bilen meseleleri ýüze çykarmazlyk üçin täze toparyna 18 ýaşandan soňra goşulyp biler.

Bellenilişi ýaly, ilkibaşda «Flamengo»  ýaş futbolçy üçin €70 mln almagy meýilleşdirýärdi. Reýnýer ilkibaşda biraz wagt «Real Kastilýe» ätiýaç toparynda wagt geçirer, soňra esasy topara goşular. Belläp geçsek, bu futbolça «Barselona» hem dalaş edýärdi.