5-nji ýanwarda, ýekşenbe güni Gün maksimal derejede Ýere ýakyn geldi. Bu barada Moskwa planetariýasynyň saýtyna habar berilýär.

Ria Nowostiniň habar berşi ýaly, 5-nji ýanwarda Moskwa wagty bilen 10:48-de Gün bilen Ýeriň arasy perigeliýa — iň ýakyn çäge geler.

Perigeliý — Gün ulgamynda planetanyň orbitasynyň Güne iň ýakyn bolan nokady. Ýeriň orbitasynyň perigeliýsi 147 098 291 km aralykda ýerleşýär. Bu aralyk Güne çenli ortaça aralykdan 2,5 mln kilometr azdyr. Ýer bu nokatdan 2-5-nji ýanwarda geçýär. Günüň daşyndan doly aýlawy Ýer 365 gün 6 sagat 9 minut 10 sekuntda amala aşyrýar. Ýer günüň daşyndan ellips orbitasy boýunça sekuntda 29,765 kilometr tizlik bilen hereket edýär.