ABŞ-da harby gulluga çagyryş saýtynyň (Selective Service System) işinde bökdençlikler ýüze çykdy. Munuň sebäbi üçünji jahan urşunyň başlanmak mümkinçiligi barada internetde ýaýran habar boldy, diýip Trend agentligi Ria Nowostä salgylanyp habar berýär.

«Ýalan maglumatyň ýaýradylmagy zerarly biziň saýtymyz trafifiň möçberiniň artmagy bilen kynçylyk çekýär» diýlip, edaranyň twitter sahypasynda aýdylýar.

ABŞ-nyň harby goşunlarynyň 1973-nji ýyldan bäri dolulygyna şertnamalaýyn esasda düzülýändigine garamazdan, mobilizasiýa ýagdaýynda raýatlar toparynyň hökmany çagyryşa degişli kategoriýalary bar. Bular dogrusynda gullugyň saýtynda habar berilýär.