Indi eýýäm bir aý çemesi wagt bäri Türkmenistanyň paýtagty – Aziýanyň
merjen şäheri Aşgabat täze ýyl ruhunda, baýramçylyk joşgunynda! Owadan
seýilgähler, köçeler, binalaryň daş-töwerekleri, şäheriň ähli ýerinde gözüň düşende
görküne maýyl edýän Täze ýyl arçalary, “Älem” medeni-dynç alyş merkezindäki
ýurduň Baş arçasy – bularyň barysy özboluşly sazlaşygy emele getirip, dürli reňkli
yşyklary bilen gijelerine ajaýyp görnüşe eýe bolýar hem-de her bir ýaşaýjynyň, şol
sanda daşary ýurtly myhmanlaryň ýüreginde ajaýyp Aşgabat agşamlaryna aşyklyk
duýgusyny döredýär… Ýokary netijeler bilen tamamlanyp, taryha giren 2019-njy ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklary boýunça Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurduň ähli ýerinde medeni çäreleriň giň toplumy geçirildi. 26-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Täze ýyl baýramy mynasybetli paýtagtyň “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky baýramçylyk meýdançasynda ýerleşen Baş arçada, şeýle-de Söwda-senagat edarasynda mähriban çagajyklaryň guran baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. 27-nji dekabrda bolsa Aşgabadyň “Mizan” täjirçilik merkezinde
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň döredijilik işgärleriniň, medeniýet, sungat
ussatlarynyň baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy. Onda belli estrada ýyldyzlary
milli Liderimiziň ýürek ylhamyndan dörän ajaýyp aýdymlary döredijilige çäksiz
sarpa goýýan döwlet Baştutany bilen bilelikde ýerine ýetirdiler. Bu bolsa
baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.
28-29-30-njy dekabr günleriniň owadan agşamlarynda bolsa Aşgabadyň
Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýylyň ruhy höküm sürdi. Ýurdumyzyň
meşhur estrada ýyldyzlarynyň Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk konsertleri
boldy. Oňa paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary, aýdym-saz sungatynyň
muşdaklary, köp sanly ýaşlar bilen bilelikde ýaşuly nesliň wekilleri-de uly
ruhubelentlik ýagdaýynda gatnaşdylar. 31-nji dekabr! Rowanalyklara, rowaçlyklara beslenen “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynyň bu jemleýji gününde bolsa “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky baýramçylyk meýdançasynda ýerleşen Baş arçada döwlet derejesindäki uly dabara – Täze ýyl konserti geçirildi. Täze ýyl mynasybetli ýurduň welaýatlarynda guralan dabaralara gatnaşyjylar bilen teleköpri arkaly göni aragatnaşyga çykyldy. Olaryň baýramçylyk gutlaglary, Täze ýyl arzuwlary diňlenildi. Ýyl çalşygyna sanlyja minutlar galanda bolsa Türkmenistanyň
Prezidentiniň çykyşy – dünýäde ykrar edilen milli Lideriň ähli türkmen halkyna
baýramçylyk gutlagy dykgat bilen diňlenildi. Soňra bolsa uly ruhubelentlik bilen
bosagadan ilkinji ädimlerini ädip gelen täze 2020-nji ýylyň – “Türkmenistan –
Bitaraplygyň mekany” ýylynyň şanyna asmana atylan baýramçylyk
feýerwerkleriniň müň dürli öwüşginleri Aşgabadyň ajaýyp agşamynyň gözelligine
gözellik goşdy! Şol bagtly pursatlarda bolsa her kimiň dilinde däl, ýüreginde şu
sözler, şu arzuwlar gaýtalandy:

Ojagyňyz otly bolsun!
Tagamlarňyz datly bolsun!
Saçagyňyz etli bolsun!
Ýürek päk niýetli bolsun!
Gadamyňyz batly bolsun!
Adyňyz şöhratly bolsun!
Durmuş has lezzetli bolsun!
Gujagňyz perzentli bolsun!
Gatnaşyk hormatly bolsun!
Bedenňiz gurbatly bolsun!
Günler saz-söhbetli bolsun!..

TÄZE ÝYLYŇYZ GUTLY BOLSUN!

Aýmyrat PIRJIKOW,
Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby.