«Altyn Asyr» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri Täze ýylyň öň ýanynda Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynyň obalarynda bazalaýyn stansiýalary oturtmak boýunça gurnama hem-de gurnama-işe giriziş işlerini alnyp barýarlar.
Öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň milli operatory Ahal welaýatynyň obalarynda we
şäherlerinde ýokary tizlikli internetiň elýeterliligini üpjün etjek stansiýalaryň ýene-de 50-sini oturdyp, aragatnaşyk ulgamyny döwrebapalşdyrmak işlerini dowam etdirer. Giň mümkinçilikli täze enjamlary oturtmak işlerine dekabr aýynyň ahyrynda girişildi we bu iş ýanwar aýynda Bäherden, Gökdepe, Ak bugdaý, Tejen, Sarags, Babadaýhan, Kaka etraplarynda dowam ediler. Mary welaýatynyň Türkmengala, Serhetabat, Tagtabazar, Sakarçäge, Murgap, Garagum etraplarynda 3G kysymly enjamlaryň otuza golaýy oturdylar. Wekilbazar, Mary we Ýolöten etraplarynyň obalarynyň ilaty dekabryň ortasynda ýokary tizlikli internete çatyldy. Merkezi Garagumdaky Böri obasynda (Ahal welaýaty) antenna-diň desgasy we bazalaýyn stansiýa oturdyldy. «Altyn Asyr» ÝGPJ maddy-tehniki binýady döwrebapalşdyrmak boýunça tapgyrlaýyn iş alyp barýar, bu bolsa kommunikasiýa hyzmatlarynyň derejesini dünýä ölçegleriniň derejesine
çykarmaga mümkinçilik berýär. Ýurduň alysdaky ilatly ýerlerinde aragatnaşyk ulgamlaryny we telekommunikasiýalary ösdürmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ilatyň ösýän talaplaryny göz öňünde tutup, öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň milli operatory oba etraplaryny 3G, welaýat merkezlerini – 4G, ýakyn geljekde 5G kysymly öýjükli aragatnaşyk bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýar.