Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Türkmen döwlet
bedenterbiýe we sport instituty bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-
nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak
türgenleriň sport lybasynyň tassyklap bermegi we 2020-nji ýylyň Türkmenistan
Bitaraplygyň mekany” ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty
geçirildi. Oňa sport ulgamyna degişli pudak edaralarynyň wekilleri şeýle hem
insitutymyzyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda Sport we ýaşlar sýasaty ministri Daýanç Gulgeldiýew
çykyş edip ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylarynda sport
ulgamynda amala aşyrylýan beýik işler gazanylýan uly-uly sport ýeňişleri barada
aýratyn belläp geçdi. Soňra Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Çary Ataýew,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport insitutynyň rektory Allaberdi Saparow, şol
insitutň sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň dekany Şöhrat Mämmedow,
Hünär derejesini ýokarlandyryş bölüminiň başlygy Baýramberdi Baýryýew,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýokary netijeli sport we
olimpiýa hereketini utgaşdyryş bölüminiň müdiri Ata Akmämmedow,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Mehanika-tehnologiki orta hünär
mekdebiniň direktory Ýusup Berdiýew, Türkmenistanyň Sport göreş
federasiýasynyň baş kätibi Baýrammämet Orazmämmedow , Türkmenistanyň
Agyr atletika Milli federasiýasynyň baş kätibi Çary Mämmedow dagylar öz
çykyşlarynda ýurdumyzda sagdynlygyň we ruhubelentligiň rowaçlanýan
zamanynda sagdyn durmuş ýörelgelerini hem-de professional sporty wagyz etmek,
halkara derejele ýaryşlarda üstünlikli çykyş etjek tälimçileriň we türgenleriň
taýýarlanylýanlygy şeýle hem ýurdumyzda halkara ýaryşlaryň geçirilmegi
dünýäniň sport janköýerleriniň we hünärmenleriniň ýurdumyza bolan uly
gyzyklanmalarynyň barha artýanlygy Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda
türkmen türgenlerimiziň ýeňiş gazanmaklary üçin döredilip berilýän giň
mümkinçilikleri barada çykyş edenler giňişleýin belläp geçdiler.
Dabaranyň ahyrynda «Sagdyn nesiller» aýdym-saz toparynyň ýerine
ýetirmeginde ýaňlanan türkmen sportuna we Gahryman Arkadagymyza bagyşlanan
aýdym-sazlaryň şirin owazy dabara gatnaşyjylaryň kalbynda sena bolup ýaňlandy.
Kakageldi GAJYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.