Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de
Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek
maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama
laýyklykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine Aşgabat
şäherinde Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly
gurluşyk ylmy-barlag institutynyň edara binasynyň taslamasyny düzmek we ony
ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Kämil ymarat» hususy kärhanasy
bilen şertnamany, daşarky eltiji elektrik, gaz, suw we lagym üpjünçiliginiň inžener
ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we binany 2021-
nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.