Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy
boýunça Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzyň günorta-
gündogaryndaky Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda köp gatly jaýlaryň dördüsiniň
ulanylmagy berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy.
Ine, bu gün hem nobatdaky binagärlik-gurluşyk açylyş dabarasy — Parahat
— 7/3 ýaşaýyş toplumynda gurlan täze jaýlaryň ulanmaga berilmegi bilen, köp
gatly jaýlaryň dördüsinden üçüsiniň her biri 54 hojalyga hem-de biri 108 hojalyga
niýetlenendir. Şeýlelikde, şu gün Aşgabatda maşgalalaryň 270-si oňaýly öýleriň
açarlaryny aldylar. Şol öýler otaglarynyň ýerleşişiniň amatlylygy, döwrebap
enjamlar bilen üpjün edilen aşhanalary bilen tapawutlanýar. Şeýle hem bu ýerde
kömekçi otaglar we beýlekiler göz öňünde tutuldy. Öýleriň bezeglerinde döwrebap
gurluşyk we bezeg serişdeleri ulanyldy. Muňa hormatly Prezidentimiz aýratyn üns
berýär.
Täze jaýlary guran potratçylar onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy
barada hem alada etdiler. Bu ýerde degişli durmuş düzümleri döredildi, ulag ýoly,
yşyklandyryş ulgamy çekildi, baglar we güller ekildi.