«Altyn asyr» mobil aragatnaşyk ulgamy müşderilerine täze internet bukjasyny
hödürleýär. Bu barada kompaniýanyň resmi saýty habar berýär.
«Internet ― 5» diýlip atlandyrylýan bu bukja mobil interneti ozalkysyndan
arzan ulanmaga mümkinçilik berýär. Bahasy 5 manat bolan paketde 100 megabaýt
göwrümdäki internet bar.
Paketiň ulanyş wagty 30 gün. Bu möhlet tamamlanandan soň, ulanylman
galan internet möçberi ýitýär. Bu internet bukja ähli tariflerde elýeterlidir. Paketi
«Şahsy otagyňyz» ýa-da 08505# USSD kody bilen satyn alyp bolýar.