Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy ýaşlara sungat we döredijilik ugurlarynyň birnäçe görnüşleri boýunça bilim berýän ýokary okuw jaýlaryň biridir. Bu ýerde talyplar sungatyň nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam, sungaty öwreniş, binagärlik we dizaýn ugurlary boýunça bilim alýarlar. Sungatyň bu görnüşlerini ýaşlara öwretmekde halypa mugallymlaryň örän uly goşandy bardyr.

      Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda şahsy we tematiki sergileriň birnäçesi gurnalýar. Şol sergileriň arasynda akademiýanyň taryhyna giren sergileriň biri hem “Gujurly ýaşlar” sergisidir. Bu sergi çeperçilik akademiýasynda 2016-njy ýylda döredilip, adat boýunça ol her ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda joşgunly we şowhunly ýagdaýda geçirilýär. “Gujurly ýaşlar” sergisine döredijilik kämilliginiň synag sergisi diýsegem ýalňyşmarys. Talyplar bu sergide özleriniň döredijilikde alan bilimlerini döreden eserlerine siňdirip, zehinlerini, ukyp başarnyklaryny we gujurlaryny görkezýärler. Şu ýylyň dekabr aýynda geçirilen “Gujurly ýaşlar” sergisi hem has täsirli we köptaraply boldy. Çünki, sergide bu ýokary okuw jaýyny üstünlikli tamamlap giden uçurymlaryň 250-niň döredijilik eserleri bilen gatnaşmaklary, bu sergä aýratyn uly öwüşgün çaýdy.

        Sergide “Şekillendiriş sungatlary” fakultetiniň “Nakgaşçylyk we taslama” kafedrasynyň talyplarynyň nakgaşçylyk sungatynyň köp ugurly peýzaž, natýurmort, taryhy, sýužet, portret žanrlary boýunça ýerine ýetirilen eserleri haýran galdyrdy. Aýratynam, portret eserlerinde bu žanryň ähli talaplary aýdyň ýüze çykarylandygana göz ýetirmek mümkin. Muňa uçurymlar Çingiz Töräýewiň “Suratkeş Gulnazar Begmyradowyň portreti” (2019), Baky Sytdyhowyň “Heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň portreti” (2019) atly eserleri degişlidir. Eserlerde türkmen sungatynyň beýik ägirtleriniň portretleri örän golaýdan, ýüzleri tomaşaça has ýakynlaşdyrylan görnüşde şekillendirilýär. Ýaş suratkeş Baky Sytdyhowyň “Helkeltaraş Babasary Annamyradowyň portreti” eserinde ýüzüň ähli bölekleri: gözler, gaşlar, burun, dodak we ondaky ýylgyryş, ýüzdäki gasynlar we ýygyrtlar, buýram saçlar  örän inçeden yzarlanyp çekilýär. Suratkeşiň portreti çekmekde ulanan bu usuly keşbe janlylyk, örän içginlilik berýär.        

         Talyp Ogulsuraý Rozyguliýewanyň “Juma Ýazmyradowyň portreti” (2019), “Aýdymçy Atajan Berdiýewiň potreti” (2019), “Nakgaş Wladimir Mkrtumyň portreti” (2019), Yhlas Allanazarowyň “Türkmenistanyň halk suratkeşi Rejepmuhammet Berdiýewiň portreti” (2019), “Türkmenistanyň at gazanan artisti Göwher Muhammetguliýewanyň portreti” (2019), “Ýaş we zehinli şahyr Kerim Hallyýew” (2019), “Suratkeş Aleksandr Çaryýew” (2019), “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýewiň portreti” (2019), “Radio alyp baryjy artist Batyr Çaryýewiň portreti” (2019) ýaly portret eserlerde öz döwürdeşlerimiziň hakyky keşpleri sergä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Belli rus sungaty öwreijisi Ý. Grabar öz ýazan eserleriniň birinde şeýle belleýär: “Portret-bu adam hakdaky ylymdyr” diýýär. Ol hakykatdanam mamla. Ýaş talyplaryň yhlasy we gujurlary siňdirilip döredilen bu portretler, geljekde ýaş nesillerimize medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşan wekillerimiziň ömürüni we döredijiliklerini öwrenmäge ýardam berer.  

                                                                   Göwher Saparmyradowa

                                                                 Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

                                                                  akademiýasynyň mugallymy,

                                                                 TYA-nyň Taryh we arheologiýa

                                                                    institutynyň aspiranty