23-nji dekabrda “Aşgabat” kinoteatrynda Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan, Wepa Işangulyýewiň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen “Nejep oglan” kinofilminiň premýerasy – ilkinji gezek görkezilişi boldy. Premýera başlanmanka bu ýerde Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň başlygynyň, filmiň goýujy režissýorynyň, şeýle-de filmde esasy keşpleri janlandyran artistleriň gysga mazmunly çykyşlary diňlenildi. Olar täze film hakynda kän gürrüň edip durman, ondaky wakalary synlamagy, artistleriň ynanylan keşpleri janlandyryşyny seljermegi hem-de bu kino eserine baha bermegi tomaşaçylaryň özüne galdyryp, premýera nobat berdiler. “Nejep oglan” türkmen halk dessanynyň esasynda döredilen adybir täze film “Aşgabat” kinoteatrynyň ekranynda peýda boldy…

          Filmiň edebi esasyny Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg Gowşutgeldi Daňatarow ýazypdyr.

          Filmde baş gahryman Nejebiň keşbini Türkmenistanyň halk bagşysy, meşhur sazanda Mylly Täçmyradowyň ýuwlugy Söhbet Annamyradow janlandyrypdyr. Onuň aýdym-sazsyz asla oňup bilmeýän, tutuş durky-düýrmegi bilen oňa berlen, ýüregi, kalby hemişe owazlanyp duran, kämahallar saz çalmasa, göýäki, ruhy hassalyk derejesine çenli baryp ýetip, özüni ýitirýän, hatda düýşlerinde-de saza melul bolýan, mydama öweý kakasyndan ogrynça dutar çalyp ýören ýetim oglanjyk döwründäki keşbini bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 6-njy synp okuwçysy Mekan Amanow ýerine ýetiripdir. “Gaýdyp eliňe dutar alaýma! Bu seň oňarjak işiň däl!” diýip, oňa ezýet ýamanyny görkezýän öweý kakasy, han bagşysy Elbendiň keşbini bolsa Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Hanmämmedow janlandyrypdyr. Filmde Nejebiň ejesi Sonanyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Baýramtäç Hojamämmedowa, Mylaýymyň keşbini Mähri Aýdogdyýewa, Horezm hanynyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Şirli Mollaýew, dutardan sapak berýän ussadyň keşbini Salyh Baýramow, Derwüşiň hem-de Nejebiň ilkinji halypasy Kerem aganyň keşplerini-de Türkmenistanyň halk artisti Çary Seýitliýew ýerine ýetiripdir. Nejebiň telim ýyl şägirt bolup, ak pata alan ussady, aýdym-saz sungatynyň piri Aşyk Aýdyň piriň keşbini bolsa Türkmenistanyň halk artisti Orazgeldi Amangeldiýew janlandyrypdyr.

          Türkmeniň ruhy durmuşynyň aýrylmaz bir bölegi bolan dutar, ýaşaýşynyň owal-ahyr hemrasy bolup gelen aýdym-saz sungaty hakyndaky bu film ýurdumyzyň taryhy künjeklerinde — Aşyk Aýdyň piriň mekanynda, gadymy Köneürgençde, türkmen tebigatynyň iň owadan ýerleri bolan Köýtendagdyr Köpetdagyň derelerinde, gadymy Nohur obasynda surata düşürilipdir.

          Tizara bu täze film ähli teletomaşaçylara hödürleniler. Ol täze ýylyň bosagasynda sungat ussatlarynyň halkymyza eden özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.

Aýmyrat PIRJIKOW,

Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby.