Aşgabat şäheriniň 18-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy, Türkmenistanyň suwda ýüzmek boýunça milli ýygyndy toparynyň agzasy Musa Jalaýew Wladimir Salnikowyň kubogyny almak ugryndaky halkara ýaryşynda 50 we 100 metr aralyklarda erkin usulda ýüzüp Türkmenistanyň rekordlaryny täzelemegi başardy.

Türkmenistanly suwda ýüzüji 50 metr erkin usulda ýüzmekde 23,64 sekuntda geçmegi başardy. Ol 100 metre erkin ýüzmekde 52,08 sekunt görkeziji bilen pellehana geldi. Bu barada  www.msy.gov.tm saýty habar berýär.

2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna we şol ýylyň dekabr aýynda Abu-Dabi şäherinde geçiriljek suwda ýüzmek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlanmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde «FINA Scholarships Programme» atly okuw-türgenleşik ýygnanyşygy geçirilýär.

Belläp geçsek, Sankt-Peterburg şäherinde Wladimir Salnikowyň kubogyny almak ugrunda halkara ýaryş 2019-njy ýylyň 20-21-nji dekabry aralygynda guraldy.