20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň hindi dilindäki tanyşdyrylyşy geçirildi.

Dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

          Hormatly Prezidentimiz geçmişde adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine deňsiz-taýsyz goşant goşan milli gymmatlyklarymyza, şol sanda ynsan häsiýetli gamyşgulak bedewlerimize örän uly sarpa goýýar. Ata-babalarymyzyň kämilleşdirip, sungat derejesine ýetiren milli atşynaslyk kesbine hem uly gyzyklanma bildirýär. Ýurt Baştutanymyzyň ýyndamlygyň, gözelligiň, duýgurlygyň, üşükliligiň kämil nusgasy bolan ýelden ýüwrük bedewlerimize goýýan çäksiz hormatyny döwlet işleriniň örän köpdügine garamazdan, ýörite wagt tapyp, olara bagyşlap döreden “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Ganatly bedewler” ýaly ajaýyp eserleri hem aýdyň subut edýär. Milli Liderimiziň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby bolsa şol eserleriň özboluşly dowamy hökmünde, şu ýylyň aprel aýynda – Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde türkmen, iňlis, rus we hytaý dillerinde neşir edilip, halkymyza özboluşly baýramçylyk sowgady bolupdy. Kitabyň hindi dilindäki täze neşiri hem ynsanpisint türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny hem-de olar baradaky gyzyklydan täsin taryhy maglumatlary Ýer ýüzüniň halklaryna ýaýmakda örän uly ähmiýete eýedir.  

          Täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky hem-de Türkmenistanyň bu ýurtdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiriniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hindi dili mugallymynyň we bu ýokary okuw mekdebiniň hindi dili hünäriniň talybynyň eden çykyşlarynda şular dogrusynda giňişleýin söhbet edildi.

          Tanyşdyrylyş dabarasynda türkmen bedewleriniň at-abraýyny, milli atşynaslyk sungatymyzyň şöhratyny dünýäde dabaralandyrýan hormatly Prezidentimiziň adyna çäksiz alkyşlar aýdyldy.

Aýmyrat PIRJIKOW,

Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby.