Bu günki günde türkmen ýaşlaryna berilýän ylym-bilimiň hilini hem mazmunyny döwrüň talaplaryna görä has-da kämilleşdirmeklige, olara dürli daşary ýurt dilleriniň içgin öwredilmegine örän uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň hut özi bu meselä aýratyn ähmiýet berýär. Şonuň üçin bu ugurda ýaşlara dünýä dilleriniň birnäçesini çuňlaşdyryp öwretmek boýunça ýörite döwlet syýasaty alnyp barylýar. Muňa 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy hakynda” ýörite Karara gol çekmegi-de aýdyň delildir.

20-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde şol Konsepsiýanyň kabul edilmeginiň 2 ýyllygy mynasybetli “Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň ähmiýeti” ady bilen dabaraly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Maslahata professor-mugallymlar, degişli hünärmenler, şeýle-de talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler üç tapgyrda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasy”, onuň aýratynlyklary hem ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Maslahatyň dowamynda uniwersitetiň roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Romanguly Mustakow daşary ýurt dilini okatmagy kämilleşdirmekde edebi eserleri öwretmegiň ähmiýeti barada çykyş edip, konsepsiýadan gelip çykýan wezipeleriň biri bolan dil we edebiýatyň arasyndaky arabaglanyşyga üns çekdi.

Maslahatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde degişli hünärleriň ýaş öwreniji mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň kärine ussat halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda dürli ertekileri ýokary okuw mekdebinde öwredilýän iňlis, nemes, fransuz, italýan, arap, pars, türk, hytaý dillerine terjime edýändikleri, häzirki wagtda türkmen halk ertekilerini daşary ýurt dillerine terjime etmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygy, “Hudaýberdi gorkak we tilki”, “Kyrk kelleli ýylan”, “Köp gülen bir aglar”, “Akylly Ahmet”, “Öwez ýalta”, “Gurbaga we içýan”, “Kör garga”, “Ýartygulak”, “Akpamyk” ýaly ertekileriň eýýäm daşary ýurt dillerine terjime edilendigi barada hem aýdyldy.

Maslahatda uniwersitetiň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň iňlis dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby Güljemal Saryýewa dil başarnyklaryny ösdürmekde ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän dürli bäsleşikleriň ähmiýeti barada çykyş etdi. Häzirki wagtda, ylmyň we tehnologiýalaryň ösen döwründe adamzadyň islegleri hem barha artýar. Halkara derejesinde geçirilýän ylmy, ylmy-amaly, ylmy-usuly maslahatlar, bäsleşikler, dürli festiwallar dil öwrenmek talabyny has-da güýçlendirýär. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde daşary ýurt dillerini öwrenýän talyplar bolsa ýurdumyzda geçirilýän dürli bäsleşiklerde iň öňdäki orunlara mynasyp bolýarlar.

Maslahatyň dowamynda dil hepdeliklerine talyplary taýýarlamakda aýratyn işjeňlik görkezen mugallymlary sylaglamak dabarasy-da boldy.

Soňra dabara uniwersitetiň iňlis dili we edebiýaty hem-de roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň talyplarynyň bilelikde daşary ýurt dillerinde taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Dabaranyň aýdym-sazly bölümi iňlis dilinde ýerine ýetirilen aýdym-sazly kompozisiýa bilen başlady. Hormatly Prezidentimiziň “Arzuw” atly aýdymynyň türkmen, iňlis, nemes dillerinde ýerine ýetirilmegi dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Türk dili we edebiýaty hünäriniň talyplary “Halaý” türk milli tansyny ussatlyk bilen ýerine ýetirenlerinden soň, fransuz dilinde “Özüňe ynan!” diýen aýdym ýaňlandy. Italýan dili we edebiýaty hünäriniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde “Böwenjik” türkmen halk ertekisi italýan dilinde sahnalaşdyryldy. Arap lybaslaryny geýen arap dili we edebiýaty hünäriniň talyplary bu dilde “Gaýgy-gussany ýatdan çykar!” atly aýdymy ýerine ýetirdiler. Pars dili we edebiýaty hünäriniň talyplary pars milli tansyny ýerine ýetirseler, hytaý dili we edebiýaty hünäriniň talyby hytaý dilinde “Şadyýan durmuş” atly hytaý aýdymyny aýtdy.

Ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň adyna çäksiz hoşallyk sözlerini aýtmak bilen, ylmy-usuly maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine jemleýji aýdymy uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler.

Dabaraly maslahatyň geçirilýän ýerinde hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplarynyň, şeýle-de uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň okuw kitaplarydyr gollanmalarynyň, ylmy monografiýalarynyň sergisi hem guraldy.

Aýmyrat PIRJIKOW,

Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby.