Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Sagdyn durmuş ýörelgesi — sagdyn nesliň özeni» atly maslahat geçirildi.

Forumyň maksady ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, fiziki işjeňlik, sagdyn iýmitlenmek, ösüp gelýän nesliň elektron enjamlaryny uzak wagtlap ulanmagynyň ýerine peýdaly ugur hökmünde olaryň boş wagtlaryny köpräk hereket etmegine çekmek, şeýle hem şol serişdeler bilen işlenilende, gigiýena talaplarynyň berjaý edilmegi babatda sazlaşykly çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Bu çäre ýurdumyzyň Mejlisi, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, Ylymlar akademiýasy, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy. Şeýle hem çärä hormatly ýaşulular, professor mugallymlar düzüminiň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçen mejlisinde bu barada aýdyp, durnukly netijeleri gazanmak üçin bu ulgamda pudagara gatnaşyklaryň wajypdygyny nygtady.

Çykyş edenler köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmekde, beden we ruhy taýdan ösen nesli terbiýelemekde milli Liderimiziň eýeleýän uly ornuny nygtadylar.

Depginli kompýuterleşdirilýän we sanlylaşdyrylýan asyrda saglygyňy goraýan tehnologiýalary we usullary öňe ilerletmäge şertleri döretmek üçin saglygy goraýyş we bilim, sport we jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de gyzyklanma bildirýän hemme edaralaryň tagallalaryny birleşdirmegi möhümdir.

Irki ýaşlaryndan başlap, çagalarymyzda sport endiklerini kemala getirmek — munuň özi olaryň uzak we sagdyn durmuşynyň girewidir. Şeýle nesiller üçin bolsa ýetip bolmajak menzil, hötdesinden gelip bolmajak hiç bir wezipe ýokdur.