Hazar deňzi institutynyň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hünärmenleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa kafedrasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda “Deňiz giňişliklerini çäklendirmegiň atlasy” düzüldi. Bu taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi. Oňa ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyrylyş edaralarynyň, ylym we bilim edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş çäresiniň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Hazar deňzi institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri çykyş etdiler.

Grafiki we maglumat habarlaryny öz içine alýan bu uly möçberli ýygyndy I — Atlantika ummany; II — Demirgazyk Buzly we Hindi ummanlary; III — Ýuwaş umman diýen üç bölümden ybaratdyr.

Hödürlenýän atlasda çäk deňiz suwlarynyň, ýanaşyk zolaklaryň, aýratyn ykdysady zolaklaryň, kontinental ýalpaklaryň, balyk tutulýan zolaklaryň, serişdeleri bilelikde özleşdirmek zolaklarynyň we beýlekileriň serhetleri hem-de daşarky çäkleri görkezilýär. Möçberi boýunça bu ägirt uly iş, sözüň doly manysynda, dünýä hukuk ylmynyň halkara deňiz hukugy ulgamynda toplan uly tejribesiniň beýanydyr, bu resminama ähli hukuk aýratynlyklaryny we sebit aýratynlyklaryny nazara almak bilen, deňiz giňişliklerini ähli Hazarýaka döwletler üçin adalatly şertlerde çäklendirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleleri çözmäge ýardam berer.